Bedew bady bilen
Adam aýtdy:
"Kommunizme ýetip barýardyk, emma birden ösen sosializmde saklandyk-da, çüýreýän kapitalizme, azat bazar ykdysadyýetine geçmek kararyna geldik. Indi yzyma seredýärin welin, biz bir telekeçilikde (türkmenler "biznesi" türkler ýaly "işewürlik" diýip däl, "telekeçilik, terslik" diýip alypdyrlar), bir-biregi kyn ýagdaýa salyp, para bermäge mejbur etmekde, bir-biregiň öýüni ýykmakda, bir-birege kast etmekde, milletiň gelejegini ogurlamakda hakykatdanam bedew bady bilen öňe barýarys. Muňa düşünmek üçin soňky otuz ýylda öýi ýykylan, türmeden geçirilen we o dünýä ir putýowka berlen adamlaryň möçberini kelläňde, ýarpy-ýalta göz öňüne getirmek hem ýeterlik bolsa gerek. Emma biz muňa düşünmezlik, iň bolmanda düşünmedik bolmak üçin gahrymanlarça göreşýäris."