Adamlary tanasaň
Adam aýtdy:
"Köp adamyň adam bolasy gelýär. Emma adam öz töweregindäki adamlary ýakyndan tanadygyça, hem olardan, hem özünden göwni geçmek diýen ýaly bir ýagdaýa düşýär. Şu pursatda onuň dadyna ýetýän bir zat bar, ol uzakdan, daşdan görýän adamlarynyň käsini çyn adam hasaplaýar we olara guwanyp gezýär. Käte bu guwanjyny daşyna hem çykarýar. Emma oňa ol "eýle", bu "beýle" diýip gep berýärler, guwanýan adamlarynyň kemçiliklerini gürrüň berýärler. Ol bu gürrüňlere ynanmaýar. Ýöne soň bir gün, kanunalaýyklyk ýa tötänlik bilen, ol şol daşyndan guwanyp ýören, ýa-da belli bir derejede eden işleri üçin sylaýan adamlaryny ýakyndan tanaýar, olaryň hem beýlekiler ýaly kemçilikli, bir topar ýetmezli adaty adamdygyna göz ýetirýär. Onsoň ol olary öňki, daşdan tanan ýerine gaçmak we şol ýerden seredip, gaýtadan guwanmak isleýär. Emma bu eýýäm giç bolýar. Gowusy, adamyň ýakynyna barmazlyk we ony gowy tanamazlyk, ýa-da adamdan hiç wagt beýle beýiklige garaşmazlyk."