Gorkaklaryň öji
Adam aýtdy:
“Adamlar umuman öz hukuklaryny, mertebelerini, çagalarynyň geljegini goramaga gorkýarlar we “depegenden daşrak” diýip, diýdimzor häkimiýet wekillerinden çeke durýarlar, zerur wagtynda diýmeli, aýtmaly sözlerini aýtmaýarlar we köplenç bu işi başga birleriniň ederine garaşýarlar. Ýöne olar öz mertebesini goramak üçin beýlekileriň hem mertebesini goramaga mejbur bolýan, göreşýän adamlar tapylyp, ýagdaýy biraz ýeňletseler, çala ýazylganlyk duýsalar, birden ýüreklenen ýaly bolýarlar we şol göreşýän adamlaryň garşysyna batyrgaý dil düwşüp, olary ýok etmek ugrunda gaýduwsyz göreşmäge birjik-de gorkmaýarlar. Sebäbi olar özleriniň gorkup, özleri ýaly başga adamlaryň gorkman ýa öz gorkularyny ýeňip, hem özleriniň, hem başgalaryň ýagdaýlaryny ýeňletmegini bagyşlap bilmeýärler, onlaryň öňünde utançly, minnet astynda ýaşamagyň özleri üçin öňki sütemli durmuşdan hem agyr bolmagynda alada galýarlar."