Okamagyň peýdasy

Adam aýtdy:

"Okan her setirime begenýärin. Ýogsa, köp okan zadym ýadymdan çykýar. Köp okan zadymyň hiç zada peýdasy bolmady. Emma arasynda peýdasy bolýanlary hem bar. Şolam, belki, okap ýitiren ähli wagtyma degýärmikä diýýärin. Şu gün metroda bir gaharly adam duşdy. Dogrusy, özüm günäkär. Giremde, wagonyň gapysynyň gapjamagyndan gorkup, biraz gyssanmaçlyk etdim we onuň egnine egnim degdi. Ötünç soradym. Emma giçdi, ol adam tä indiki duralgada düşýänçäm hüňürdedi, her hili gelmişeklerden käýinp, arasynda hapa-hapa sögündi. Emma men oňa hiç zat diýmän, üstesine gaharlanman saklanyp bildim. Sebäbi şondan bir gün öň gaharly, hiç bir sebäp ýok ýerinden ýa kiçijik bir sebäp tapanda, başga birini dalajak bolýan adamyň ýa adamlaryň hakykatda nähili derdiniň bardygy, beýle adamlar şunuň ýaly sowgat berenlerinde almaly däldigi, beýle sowgady düwünçegini açman, bereniň özüne galdyrmalydygy we ş.m.-ler barada okapdym. Bu maňa wagondan çykyp, "goý, derdini egismäge kömek edýän bolsa hüňürdesin, sögsün, pahyr" diýip, hiç zat bolmadyk ýaly, öz ýolumy dowam etmäge mümkinçilik berdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024