Ýatan bolmak oýny
Adam aýtdy:
"1970-nji ýyllardy. Bäşşi kakam restoranda işläp, barmaklaryndan bal dökülýän aşpez boldy. O mahal adamlar gaty gyssag bolmasa, taksi tutmazdylar, emma Bäşşi kakam işe taksili gatnardy. Işden gelende köplenç jübüsinde petde-petde pul bolardy, özem içgilidir. Kakam oňa ýalbarardy: "Puluňy içgä berme, howly satyn al, bizem göriplik edeli, saňa gözümiz gitsin, agasynyň işigindäki wremýankada otyr diýip gynanmaly" diýerdi. Emma ol kakamy diňlemezdi, öýüne baryp, günde-günaşa aýalyny, çagalaryny urardy. Biz goňşy oturýardyk, olar bilen atamyz dogandy. Iki sany oguljygy bardy. Kiçisi mekirje eken. Kakasy gelmänkä, sagat dokuzdan öň düşegine geçip, uklan bolýan eken. Emma ulusy gözüni mölerdip, kakasynyň ejesini urşuna aňalyp, soňundan özi hem her gün birki şarpyk iýýän eken. Bir gün kiçisiniň ulusyna akyl berýänini eşitdim: "Senem ýatan bol, ýatsaň uranok. Men näme "Wremýa" başlamanka ýöne ýere ýatýanmy, ukym tutýandyr öýdýäňmi şo wagt. Ýatan bolýan diňe..." Bäşşi kakam soň işden kowlup, başga işlere girip-çykyp, kül dökmedik ýeri galmady, ahyry köçede nas satýan bolup, şol işinden hem baky pensiýa çykdy. Ony ýatlaýanymyň sebäbi özi däl, kiçi oglunyň "senem ýatan bol, ýatsaň uranok" diýen sözleri. Sebäbi soň-soňlar, türmäni islendik adamyň başyndan otly tagan edip atyp bilýän hökümet gelende, köp adam ýatan boldy we bu ýagdaý şindi hem dowam edýär."