Mugtuň adamlary

Adam aýtdy:

"Köp adam dilinde alla, hudaý, hak diýer, emma gazanmadyk, der dökmedik bir närsesini berseler, bu kimiň zähmeti, kimiň azaby diýip soramaz, erni bir bir ýere gelmän alar. Köp adam mugt gaz berseler, hasapsyz ýakar, mugt elektrik berseler, gije-gündiz çyralaryny öçürmez, mugt suw berseler, dökan-saçan eder, emma "bularyň aňyrsynda birleriniň zähmeti bardyr, olara eden işleri üçin ýeterlik hak tölenýärmi, işleýän adamlar razymy?" diýip soramaz. Köp adam biriniň malyny alyp berseler, jaýyny alyp berseler, maşynyny alyp berseler, öý goşuny alyp berseler, hatda garyp-gasaryň aýlygyndan pul ýygnap, ýeňiýoluk halkyň puluna uçar tutup, Mekge-Medinä iberseler hem ýok diýmez. Enem pahyr her nahardan soň, "Gazananyň ýaşy uzyn bolsun!" diýerdi. Ýogsa, iýýän nahary öz oglunyň öýünde, öz öýünde bişip-düşýärdi. Emma mugtuna, garyp-gasaryň çagasynyň agzyndan kesip beren puluna mugtuň hözirini görenler "gazananyň ýaşy uzyn bolsun" diýmez, olar eli-dili bagly, terror astynda ýaşaýan halkyň hasabyna tarhandökerlik edýän zalyma alkyş aýdarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024