Kömek edeniň şarpygy
Adam aýtdy:
“Mätäç adama eliňden gelen ýerinde kömek etmeli, ömrüň manysy almakda däl, bermekde, başgalaryň derdine ýaramakda diýýärler. Diňe bizde däl, köp halkda şeýle ynam bar. Emma mätäç adama eliňden gelen kömegi etseň, mysal üçin, aç güni garnyny doýursaň, eşiksiz güni eşigiňi paýlaşsaň, ýatara ýeri ýokka myhman alsaň, ýazyp bilmeýäne ýazyşsaň, örüp bilmeýäne örüşseň, ýalňyşana ýalňyşyny düzedişseň, ýa ýene bir çaýyrça ýol, ýoda görkezseň, ýykylanda goltugyndan galdyryşsaň, soň şol adamlaryň garaşman durkaň uran şarpygy, ýeňsäňden zyňan daşy kömek etmedik, tanamaýan adamlaryň salan gylyjyndan beter ýaralaýar.”