Gutulgysyz ykbal

Adam aýtdy:

"XXI asyrda ýaşap, betbagt boljak bolsaň, hiç zat okama we çagalaryňa hem okamagy, öwrenmegi öwretme. Bu maslahaty berip ýa aýdyp, wagt ýitirip oturmak gerek däl, sebäbi biziňkileriň köpüsi muny aýtdyrman-diýdirmän, özünden bilip edýär. Ýa-da bolmasa, olaryň köpüsi nirede okamasyz, bolgusyz kitaplary okaýarlar, bolgusyz oýunlary we kinolary görýärler, hiç zadyň alnyndan bolmadyk aýdym-sazlary diňleýärler we şol ýerde hem baky galýarlar. Sen olara bu taýda galma, bu ýer gowy däl, ýör, başga ýere gideli, o taýy gowurak diýseň, olar saňa ynanar öýtme. Gury özüňi ýigrendireniň ýa wagt ýitireniň galar. Bu hiç zat okamadyk ýa okamaly zatlaryny bilmeýän, okar ýaly idili ýazgylaryň örän az ýerinde ýaşan adamlaryň köpüsiniň ajy, belki-de gutulgysyz ykbalymyka diýýärin."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019