Absurdystanyň sütünleri
Adam aýtdy:
"Absurdystany Absurdystan edýän, oňa esasy sütün bolýan zatlar näme, bilýärmiň? Birinjiden, onuň başbakany dünýäde iň absurd işleri etmekde özüne çenli görülmedik derejede ussat bolýar. Emma bu ýeterlik däl. Sebäbi Absurdystanyň uzak saklanmagy üçin oňa uly goldaw gerek. Bu goldaw esasan güýç gurluşlaryndan ýa korrupsiýa çümen resmilerden däl, eýsem Absurdystanyň wagtynda öý işini etmedik we bisowat galan, emma muňa garamazdan özi hakynda örän uly pikir edýän, şol bir wagtda-da iň absurd gep-gybatlary oýlap tapýan we ýaýradýan adamlaryndan gelýär. Elbetde, olaryň goldawynyň üsti soň şol absurd gybatlara ynanýan, olardan lezzet alýan adamlar tarapyndan hem ýetirilmeli bolýar. Meniň pikirimçe, şu üç gatlak öz absurd tagallalaryny näçe uzak dowam etdirseler, Absurdystan şonça-da uzaga gider we ahyry Ginnesiň rekordlar kitabyna girer."