Kim baý, kim gedaý?

Adam aýtdy:

"1990-njy ýyllaryň başynda agam körpe ogluny öýerip, restoranda uly toý etdi. Toýa onuň dosty, şol wagt medeniýet ministri bolup işleýän Aşyr Mämiliýew hem geldi. Onuň ýanynda türkiýeli myhmanlary hem bardy. Ýaşlar täze jübüdi orta alyp, tans etmäge başlanlarynda, türkiýeli myhmanlaryň biri, gowy geýnüwli, syratly adam ýerinden turup gelip, jübüsinden bir gysym pul çykaryp, olary haýaljakdan öýlenäýn ýigit bilen durmuşa çykýan gyzyň üstünden seçdi. Ýanymda oturan žurnalist gulagyma pyşyrdady: "Türkiýäň medeniýet ministri şol, gör, nähili medeniýetli hem baý!" Şondan kän wagt geçmänkä ýegenim Türkiýä okuwa gitdi. Emma ol bir ýyla ýetmän okuwyny taşlap, yzyna öwrülip geldi. Ondan munuň sebäbini soradylar. "Siz olara "baý, ösen, medeniýetli" diýýärsiňiz. Hakykatda olar bizden garyp, açgöz, üstesine mekdep garasyny görmedik, okap-ýazyp bilmeýänleri hem kän eken. O taýda diňe ýalançylygy, talaňçylygy öwrenmeseň, başga bilim ýok" diýdi. Şol wagt men oňa ynanmadym, ýegenim özüni aklajak bolup, türkleriň ýeke-täk basylyp alynmadyk döwletine şyltak atýandyr, olaryň ýeten derejesini peseltjek bolýandyr öýtdüm. Emma ýyllar ýegenimiň edil beýle ýalan hem sözlemändigini, belki-de, mamla ýerleriniň hem bolandygyny subut etdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024