Daşarda batyryň içerdäki gorkaklygy

Adam aýtdy:

"Men onuň uly bir halkara forumda, başgalaryň aňsat het etmejek daşary ýurt liderleriniň biriniň ýüzüne gelip, "siz öldürmegi bilersiňiz" diýip bilşine, başga bir ýurtda hak-hukugy basgylanýan etniki azlygyň arkasyny alşyna guwanyp, içimden "syýasatçy diýeniň şeýle bolsa, gör, nähili mert, hakykatçy adam" diýipdim. Emma soň ol mert, hakykatçy syýasatçy öz ýurdunda sähel gyssaga düşende hakyky ýüzüni açyp, başga pikirlidir, garşydaşdyr öýden adamlaryny uçdantutma dönüklikde aýyplap, işden kowduryp, türmä basdyryp ugranda, töhmetden gaçyp, ýurtdan çykanlaryň yzyndan döwletiň puluna adam alyp gaçyjylary iberende, söz tapmadym."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024