Sem etmek taktikasy
Adam aýtdy:
"Adamyň, dagy bolmasa, dükanda ýa bazarda gaýtargysynyň kem berilmegine, ýokarrak çyksa şarlatan syýasatçylara gahary gelýär. Bu tebigy ýagdaý. Eger adam sögülmek bilen söýülmegiň tapawudyny ýa parhyny bilmän, ýylgyryp ýa mönsüräp, hiç bir reaksiýa bildirmän otursa, durmuşda, töwereginde bolýan zatlara düýpden biparh bolsa, bu gowy zatmy? Magtymguly "Gaýraty kem bolar gahary azyň" diýip, gahary adamyň esasy sypatlarynyň biri hasaplapdyr. Emma indi adamy, başga zat tapmasalar, "gaharly, ýüzi agyr, gaşy çytyk" ýa "az ýylgyrýar" diýip hem aýyplap bilýärler. Bu onuň aýdan sözleri ýa edýän pikirleri özüniňki däl, gaharyň, ýigrenjiň netijesi diýmegi, ol adamy şübhe, sorag astyna aljak bolmak synanyşygyny aňladýar. Bu ýalňyşlykdan, adama düşünmän edilýän zat däl, düşünip edilýän, belki-de başgaça pikirli adamlary çetleşdirmek, sem etmek, başdan-aýak tabynlar, kaýyllar we ylalaşyjylar jemgyýetini döretmek üçin oýlanyp tapylan we köp ulanylýan taktika bolup durýar. Jemgyýetde gaharsyz ýa gaharyny, gahar hasaplanjak pikirini daşyna çykarmaga gorkýan adam aşa köpelende, jemgyýetiň meselelerini açyk, metbugatda däl, aşhanada maslahatlaşmak hem uly gahrymançylyk talap edýär, sebäbi adamlar tamda gulak bardygyna hakykatdan hem ynanýarlar."