Pikiriňi aýtsaň
Adam aýtdy:
"Adam ünji-aladasyny daşyna çykaranda, özüne ynjalyk bermeýän pikirini açyk aýdanda, birhili ýeňleýär: ýüregi giňeýär, saglygy gowulanýar. Megerem bu adama dil berilmeginiň, aň-üşük berilmeginiň aňyrsynda ýatan esasy sebäp bolsa gerek. Alla adama aň-üşük beren bolsa, ol oýlanmaly, gulak beren bolsa, ol eşitmeli, göz beren bolsa, görmeli, dil beren bolsa, geplemeli. Emma adamyň derdi geplemek bilen çözülmeýär, belki-de, beterleşýär. Sebäbi onuň derdiniň üstüne ýene dert goşulýar. Ondan içindäki pikirini daşyna çykarany üçin, ol pikiriň öz bähbitlerine ters gelýändigi ýa-da ulus-iliň gulagyna ýarajagy üçin, ýa-da onuň şol pikiri açyk aýtmak bilen beýlekilerden biraz öňe saýlanmak, daşdan we gowy görünmek ähtimallygy üçin ondan öç aljaklar, kitüw saklaýanlar köpelýär. Ar alyjylar ýa kitüwliler pikirini açyk aýdan adamdan tä ol ölýänçä öç almaga synanyşýarlar, ol ölenden soň bolsa, "gaharlydy, öçlüdi, adamlary ýigrenýärdi" diýip, yzyndan gürrüň edýärler."