Bahylyň umydy

Adam aýtdy:

"Bahyl adam başga biriniň eden gowy işlerini ykrar etmeli bolanda hem, oňa bermäge mejbur bolan ýokary bahasyny biraz kemeltmek üçin, ony nähilem bolsa kiçeltmek umydy bilen, her edip, hesip edip, aslyşyp galmaga synanyşar: onuň turuwbaşdan beýle bolmandygyny, kän ýalňyşandygyny, belki-de bagyşlap bolmajak işleri hem edendigini, şu sebäpden onuň nähili gowy iş etse-de bagyşlanmajagyny aýdyp, welilik satar. Hamala, gürrüňi edilýän adam, başga adamlardan tapawutlylykda, ýeten derejesine bir topar ýalňyşlygynyň üstünden geçip, ýedi gezek ýykylyp, sekiz gezek ýerinden turup gelmeli däl ýaly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024