Gaflat ukusy
Adam aýtdy:
"Özara gürrüňçilikde adamlar köplenç "Biz näme edip bileris?", "Biziň elimizden näme gelýär?", "Bizden soralyp edilýän zat barmy?" diýen ýaly sözleri aýdyp, öz jogapkärçiliklerini kän kelle agyrtman inkär edýärler. Bu, megerem, jemgyýetdäki agyr ýagdaýlaryň saklanyp galmagynyň, uzak dowam etmeginiň esasy sebäbi bolup durýar. Bu şaglap dagdan inen we atyň kellesi ýaly daşlary göjek oýnan ýaly bökdürip gelýän siliň öňünden sowulman, gyra sowulmaga çagyrýan, eliňden çekjek bolup elini uzadýan adamlary görmän ýa görmedik bolup duran ýaly bir zat bolsa gerek. Şu aralykda sen beýle adamlara adam bolmagyň näme edip boljagy hakynda hemişe pikir etmegi, janly-jandaryň ählisiniň diri galmak, ýaşamak üçin çäre gözleýşi ýaly çäre gözlemegi aňladýandygy hakynda takal okamagyň hiç bir zerurlygynyň ýokdugyna düşünýärsiň. Dogrudanam, däli sil ýaly şaglap akýan, düýe ýaly daşlary pökgi oýnan ýaly o gyradan beýleki gyra oklap, zyňyp gelýän durmuş derýasynyň sesine iň bolmanda gaflat ukusyndan hem oýanamsa, näme edip biler?"