At meselesi
Adam aýtdy:
"Türkmenjikleriň, gorka, lakam astynda-da bolsa, azajykdan, kinniwanja ýagdaýda içini dökýän bir saýty bardy; ol, megerem, biziň dünýeden nähili üzňe galandygymyzy göz öňüne getirmek üçin peýdalydy. Emma hökümet şol kinniwanja içdökmeleri hem bagyşlap bilmedi. Şeýdip, ol saýt garşylyksyz ýok edildi. "Garşylyksyz" diýmegimiň sebäbi, gorkajyk bolansoňlar, olar bu çärä garşy çäre görmäge ýürek etmediler. Ýöne ol saýtda akyl satýanlaryň biriniň aýdan sözleri ýadymda galypdyr. Ol ýurtdaky problemalara jan ýandyryp, pikirini ýazan birine "sen bu zatlara kelläňi agyrtma, başga kelle agyrdýanlar bar, şolar bir zat eder-dä" diýip, göwünlik berýärdi. Şondan bäri men biz öz milletimiziň adyny üýtgetsek, ony "sen kelläňi agyrtma halky" diýip atlandyrsak has dogry bolmazmy diýip oýlanýaryn."