Säher dogasy
Sen özüňi çäklendirme,
çäklendiren bilen bile,
haýallatma saklan bilen,
ýa hendege oklan bilen,
sen çukura itme özüň,
çukura itenler bilen,
ynanma sen çykyp bolmaz,
bu çukur çuň diýýänlere,
hemem sessiz goldaw bolma,
gözüň ýagyn iýýänlere.
Ynanma sen elgarama
bolup galmak ýazylan
maňlaýyna milletiň,
ýa diýseler astyndan
çykalga ýok minnetiň,
ynanma hiç alla, hudaý
baýa berýär diýseler,
ynanma hiç ömür, baky
galjagyňa garyp, gedaý.
Bu seniň özüňe bagly,
bu seniň sözüňe bagly,
bu seniň gözüňe bagly,
pikiriňe bagly seniň,
ynamyňy bagla haka,
çümene däl hapa diňe,
sen özüňi çäklendirme,
ilki, owal pikiriňde,
a soň tur hem ätle öňe!