Adam tanamagyň täze usuly

Adam aýtdy:

"Senden ornuny gabanýan bahyl adamy ýa-da KGB-niň gizlin agentini nädip tanamaly, bilýärmiň? Eger makala ýa habar ýazyp, redaksiýa hödürleseň, makalaňy ýa habaryňyz täzeden ýazyp bermän, redaktor saňa sözlemi nähili ýazmalydygyny öwretjek bolsa, ýalňyş sözlemleriň aşagyny çyzyp görkezse, olary düzetmegi sorasa ýa-da aýdýan zatlaryňy redaksiýanyň talaby boýunça delillendirmegi haýyş etse, ol ýa seniň görülmedik uly talantyňa we batyrgaýlygyňa göriplik edip, öz ornuny gabanýandyr, ýa-da KGB-niň gizlin agenti bolup, olaryň tabşyrygy boýunça seniň işlemegiňe ýol bermejek bolýandyr."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024