Erkek göreşi

Adam aýtdy:

"Özüň ýaly bir ýazýana bahyllyk etseň ýa-da öz işleriň oňmazlygyna özüň däl, hut şol adam sebäp bolýandyr öýdüp çynyň bilen ynansaň, ýöne ony kanun esasynda öňüňden aýyrmaga güýjüň ýetmese näme etmeli? Men muny demokratiýa we adam hukuklary, bütin dünýäde adalat we kanun tarapdary bolup gürleýän adamlardan öwrendim: ilki iň ýigrenýän ildeşleriň barada "besdir, indi göre gir" diýen şahsy hüjüm goşgularyny ýazyp, öz websaýtyňda çap etmeli, eger bu hili goşgular bilen öldürip, dynyp bilmeseň, öňüňde durandyr öýdýän ildeşleriň ogullarynyň ýa gyzlarynyň haýsam bolsa biriniň işleýän ýerini we elektron poçta adresini tapsaň, kakasy hakynda hapa goşgy ýazyp, ony ýaňy durmuşyň çetinden girýän çaga ibermeli. Eger onuň gyzynyň ýa oglunyň işleýän ýerini bilmeseň, olaryň adresi eliňde bolmasa, olar kakasynyň kömegi bilen žurnalist bolup işleýär diýip, lakama bukulyp, demokratiýa we adam hukuklary ugrunda göreşýän diýýän websaýtda, başgalaram ol hakynda ýaman pikir eder ýaly, rus dilinde töhmetçilikli makala çap etmeli. Goý, onuň çagalary hiç wagt ýazmagyň, žurnalistligiň golaýyndan gelmedik bolsun, tapawudy ýok, agzyňa gelenini aýtmaly, ýazmaly. Muňa indi türkmençilikde "intellektual göreş", belki-de "erkek göreşi" diýilýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024