Uly günä ýa-da dogry gep

Adam aýtdy:

"Öňki prezident döwletdäki ähli serişdäni we mümkinçiligi özüne päsgel bolup biler öýden adamlaryny satyn almak ýa-da zyýansyzlandyrmak üçin ulanýardy, döwletiň ýa halkyň hasabyna hajy bolmak hem şol serişdeleriň birine öwrüldi. Bir gezek ol köşgünde maňa-da Saud Arabystanyna gitmegi, hajy bolmagy teklip etdi.
"Şu gezek senem döwlet uçarynda Mekge-Medinä gidýänleriň sanawyna goşup, hajy etjekdirin, taýynlyk görüber, hajy aga bolsaň, toýda-ýada törde ornuň bolar, täzeje etden doýsaň, aýal ýumuşlaryna-da gowy ýararsyň" diýdi. Men: "Ýok, meni o sanawa goşmaň, başga höwes edýän kändir, ornuny almaýyn, şolaryň biri gitsin" diýdim. Ol: "Näme, arak-şeraby goýup bilmerin öýdýärmiň? Beýleki kärdeşleriň araga duz atyp, halallap içip ýör, senem şeýdersiň-dä bolmasa" diýip güldi. "Ýok, arak-şeraby goýmagy alada edemok, ony goýaryn, ýöne ondan has ulurak günä bar, ozalky eden günälerim hem az däl, üstesine olam urna bolmasyn" diýdim. "Beh, beh, o nähili uly günä?" diýip, "beýik serdar" çyny bilen sorady. "Gybat, köp gybat edýän ýa edilen gybaty diňlemeli bolýan, şony goýup bilerin öýdemok" diýdim. Ol birden myssaran ýaly boldy-da: "Munyň-a dogry gep" diýip, agyr dymdy. Soňundan bolsa: "Bäh, ýazyjylaryň içinde dogrusyny aýdýanam bar eken-aý!" diýip, gülen boldy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024