Pul doganlary

Adam aýtdy:

"Çagadym, kakamy türmä basanlarynda, onuň hiç dogany ýok ýalydy. Ejem işden soň tikin maşynda ýaka keşdeläp, bazardan kakama geçirmeli zatlary satyn alýardy. Eger türmäniň içine bir sabyn geçirjek bolsaň, pakete azyndan dört sabyn salmalydy. Beýleki zatlaram şonuň ýaly. Milli tejribä görä, türme sakçylaryny towuk budundan ýa etli gutapdan doýurman, tussaga öý naharyny iýdirip, ýüregini umytlandyryp bolmaýardy. Şükür, kakam çykdy, türmä öwrülen ýurtdan gaçdyk, daşary ýurtda okadyk, işe durduk. Atam dünýesini başgalanda, ejemiň doganlarynyň üsti bilen döwletden atamyň mazaryna zyýarat etmäge rugsat soradym. Wiza alyp, kakamyň dogduk obasyna bardym. Kakamyň doganlary-da, olaryň biz ýaly ogul-gyzlary-da bar eken. Öýlenipdirler, durmuşa çykypdyrlar, çagalary bolupdyr. Sebäbi olaryň, meniň kakamyňky ýaly, döwlet bilen-de, KGB bilen-de görnüp duran problemalary bolmandyr ýa-da olar, gürrüňlerinden çen tutsaň, bu problemalary sessiz ýuwdup, has akylly ýa öňdengörüji bolup çykypdyrlar. Doganoglanlarymyň biri atamyň mazaryna alyp gitdi. Emma onuň mazar başynda bolşy, bir gysym gum bolup ýatan dag ýaly atama hossar çykyşy, näme üçindir, örän ýasama göründi. Munuň sebäbine biraz giç, yzymdan häkimiýetler bilen arada dörän kanun problemasyny çözmek ýa maşyn-beýleki satyn almak üçin pul soralyp iberilýän hat-habarlardan soň düşündim. Olar kakamyň hakyky däl, pul doganlary eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024