Milli göýdüklik

"Siz meniň neler çekdigimi nirden bilejeksiňiz?" Ahmet Kaýa

Adam aýtdy:

"Kim bilen gürleşseň, "öň pylankesdim" diýýär. "It ursaň, öňki emeldaryň üstüne ..." diýäýmeli boldy. Käbirleri degişmä salyp, öňki emeldarlara "gözüň aýdyň, sag-aman gutulypsyň, çagalaň arasyndan girip-çykýanyňa şükür et" diýip, göwünlik hem berýär. Geň galmaly ýeri, indi ýurtda wezipe eýelemeseň (satyn almasaň), "ysnat, itde san bar, munda san ýok, ömründe wezipe görmän geçdi" diýýärler. Emma wezipe alyp, dürs işlejek bolsaň, uzaga gitmän wezipäňden boşadylýarsyň. Ýene "ysnat, hiç zat oňarmady, üstesine öýünem düzedip bilmedik, gorkak-züwwetdin, nalajedeýin" bolýarsyň. Eger wezipede bar işiň ogurlyk bolup, gapyňda oturýan sekretar aýaldan başga-da on bäş-ýigrimi oýnaş tutunsaň, bir gün wezipäňden boşadylaňda, ýene ýüzüňden sypaýan ýok: "Wagtynda aýyrmadyk bolsalar, diňe ýurdy däl, bizem ýuwutjakdy ýa oýnaş edinjekdi" diýýärler. Eger wezipeden aýrylyp ýa özüň çekilip, bikanunçylyga, adalatsyzlyga garşy barlyşyksyz göreşe girseň, "öçli, gaharyna çydanok, ar aljak bolýar, wezipäniň süýjüsini dadan-da, ýitiren düşewüntli ornuny yzyna almak üçin gaýtjak zady ýok, bu indi wezipä geçse, häzirkileriň hem çeni-çaky bolmaz" diýýärler. Eger wezipeden aýrylyp ýa çekilip, bir gyrada ümsümje otursaňam aýyply bolýarsyň: "Gör, ogurlajagyny ogurlady, syrty hapa bolansoň, sesini çykarmanjyk otyr, biz bilen işi ýok" diýýärler. Wezipeli, wezipeden aýrylan, diriler hakynda ýüzüne däl, ýeňsesinden edilýän gürrüňler owarram diýseň, biz ölenleri hem sylap goýmaýarys. Ýogsa, käte akyllysyrap ýa gowusyrap, "öleniň yzyndan diňe gowy gürrüň etmeli, mazar keseklemeli däl" dagy hem diýen bolýarys. Emma bir pahyr dünýäsini täzeledigi, wezipeli ýa öňki emeldar, göreşiji ýa busujy, hiç tapawudy ýok, gynanan kişi bolup, derrew dilimiziň eýgiligini görmäge, adamy özümize osup, bolmanda dilde depip galmaga howlugýarys. Bu biziň bar bolup bilşimiz. Emma "Men kim, özüm näme?" diýýänimiz az. Eý, alla, eger bar bolsaň, öz göýdükligimize çydamaga maňa güýç-kuwwat bereweri!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024