Gaçmaly adamlar
Adam aýtdy:
"Bir minudyňy sarp edeniňe degmeýän, köçede duşanda diňe baş atyp geçmeli adamlar bilen sagatlap gürleşip, oturyp-turuşyp, derdinişip, köp wagtymy ýitiripdirin. Başyňa iş düşende bilýän ekeniň, tanyş-biliş, dost-ýar, kärdeş ýa ýakyn garyndaş diýilýän adamlaryň köpüsi, soň görüp, oýlanyp otursaň, bir minut wagtyňy sarp edeniňe hem degmeýän, belki-de gören badyňa baş alyp gaçmaly adamlar eken."