Türmeden çykaňda
Adam aýtdy:
"Syýasy sebäpler üstünde gysga wagt tussaglykda bolup, ikinji gezek türmeden çykdym. Özüň begenseň, hemme kişi begenmeli, begenjek ýaly bir ýalňyş duýgy bolýan eken. Muny köçede öňüňden çykyp, "Beh, ýene çykyp geläýdiňmi, bu gezek sypdyrmazlar öýdüpdim?" diýip, gynanjyny gizläp bilmeýänlere duşaňda bilýärsiň. Bu öň nähilem bolsa adalat, dürslük tarapynda durýandyr öýden adamlaryňdan çykanda hasam geň galýarsyň. Muny aýtsam, aýalym: "Basylaňda özüňkiler gelip, "indi adamyňy çykarjak bolsaň, gyzyllaryňy, bujagaz halyjyklaryňy, maşynyňyzy satmaly bolarsyň" diýip, gynanan bolup, begençlerini daşlaryna çykardylar, ilden nämäni geň görýäň?" diýip sorady. Men näme diýjegimi bilmän, sen näme diýdiň diýip soradym. "Ol para berip çykarylýan tussag däl, syýasy tussag, Nyýazow meniň gyzyllaryma ýa halylaryma zar däl" diýsem, ynanmadylar" diýip, aýalym ajy ýylgyrdy."