Adamy allanyň kän gerekleýän ýurdy

Adam aýtdy:

"Hiç ýadymdan çykanok, 2013-nji ýylyň maýynda Aşgabatdan taksili Tejene gitdim. Takside menden başga-da iki erkek, bir aýal bardy. Sürüji garynlak, alkymy sallanyp duran, ýaňaklary possujak, 50 ýaşlaryndaky adamdy. Her ýarym sagada ýetmän mobil telefonynda gürleşýärdi, aýalyna agşam nahary üçin bazardan almaly zatlary aýdýardy, indiki müşderilerine sagat näçelerde nirede boljakdygyny, durjak ýerini düşündirýärdi, kimdir birleri bilen geçen hepdede bolan toýuň gürrüňini edýärdi... Kakanyň deňinden geçip barýarkak, taksi bir köprä ýetmän saklandy. "Şu ýerde bir säginip, aýat okap geçeliň, geçen ýyl şu wagtlar awariýa bolan ýerim, ýaş adam öldi" diýdi. Düşdük. Özi çala pyşyrdap, arapça bir zatlar okady, soňundan türkmençe "ýatan ýeri ýagty bolsun, yzynda galanlara ömür bersin" diýdi. Maşyna münüp, ýola ugramyzsoň, öňdäki orunda oturan ýaşuly ýolagçy sorady: "Soramalam däl welin, awariýa nädip boldy?" "Nädip bolanyny özümem bilmän galdym. Öňden gelýän Mary nomerli maşyn "ýol ber, gaty gelýän" diýen yşarat bilen heniz daş aralykdan birnäçe gezek çyrasyny ýakyp-öçürdi, gowşap, gyra çekiljek bolup, ýoldan agdarylyp gitdim." "Ýollar dar-da" diýip, yzda, meniň gapdalymda oturan ýaş ýolagçy hem gürrüňe goşuldy. Zenan maşgala hem öz pikirini aýtdy: "Adamyň ajaly ýetse, ýa ýol dar bolar, ýa başga bahana tapylar, her kimi hudaýyň özi gorawersin!" "Şony diýsene" diýip, sürüji agyr ýüküň astyndan boşan ýaly haşlap gürledi. Men saklanyp bilmedim: "Näçe ýyl berdiler onsoň?" Ol maňa tarap alarylyp seretdi. "Hiç ýylam bermediler. Ýaşulular töwella etdi, "ölüm allanyň işi, berenem özi, alanam" diýdiler. O tarap hem kabul etdi. Iki-üç gezek belli günlerine janly alyp bardyk. Pul hödürledik, emma almadylar. Garyndaşlary gowy adamlar eken, "alladan gelendir, adamdan däldir, seni türmä basdyranymyz bilen ölenimiz diriljekmi?" diýdiler... Ýöne olara derek polisiýa esli pul aldy. Başlyklary bilen gürleşdim, "awariýa üçin türmä basmak döwletiň bähbidine däl, iki-üç adamyň ölümine sebäp bolýanlary hep sypdyryp goýberýäris, sebäbi awariýa gaty kän, köp adamy basmaly boljak, türmede bolsa öňem ýer ýok" diýdi. Şindem bergimi üzüp bilemok. Ýöne şeýdip sag-aman işläp ýörsem, ýene bir ýyldan üzerin, diňe meniň başymda däl, uly iliň başynda. Durmuş şeýle boldy-da, nätjek, ýogsa taksiçilikden çörek iýmeli bolaryn öýtmeýärdim, uniwersiteti gutarypdym, gül ýaly işim bardy..." Şu aralykda ýene onuň telefony jyrlady, ol ýene telefonyny gulagyna ýetirip, ruly bir elinde tutup, badyny kän gowşatman barşyna biznes, durmuş gürrüňlerine gümra boldy. Men allanyň bizi hem gereklemeginden gorkup, öňde oturan ýaşulynyň oňa telefon gürrüňleri gysgaldyp, ýoluň bilen bolsana diýmegine garaşdym. Sebäbi sürüjiden iki-üç ýyl ýaşrakdym, özüm bir zat diýsem edepsizlik boljakdy. Emma maşyndaky ýaşuly öz söz hukugyny tehniki howpsuzlyk üçin ulanmagy zerur hasaplamady. Tejene çenli hudaýa ýalbardym: "Alla jan, entejik bizi gereklemäweri!" Hernä eşitdi, sag-aman bardyk. Mundan aňrygam özi adamlardan gorawersin!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024