Şäher bilen obanyň tapawudy

Adam aýtdy:

"70-nji ýyllarda şäherde ýaşaýan agamyň ogullaryndan "Näme üçin ikiňizem hukuk fakultetine girdiňiz?" diýip sorasam, "sülçi, prokuror ýa sudýa bolup, para almak üçin" diýip jogap berdiler. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda obalar hem hem şäher bilen deňleşdi, arçynlygy satyn alan inimiň iki oglam, soň köp para alar ýaly, hukuk fakultetine okuwa girdi, körpe gyzy bolsa, düşewüntli iş diýip, çaga doktory bolmak üçin medinstituta girdi. Emma indi görüp otursam, şäherliler hem yzyndan ýetdirer ýaly däl. Arada agamyň hukuk fakultetinde okap, hakykatdanam sülçi, prokuror we sudýa bolup işlän ogullarynyň ogullary, gyzlary bilen gürleşdim. Olar halkara gatnaşyklary fakultetinde okaýarlar. Sebäbini sorasam, indi ýurt içinde pully bolmak pulsuz bolmakdan howply, daşary ýurtda diplomat bolsaň, bärdäki pullaryňy aňryk çykaryp, jaý-beýleki alsaň, galanjasyny bankda goýsaň, erteki gün bir bolmasy iş bolsa, şol ýerlerde galaýmaly, bolmanda puluň çagalaryňa miras goýup bilýärsiň, bärdäki ýaly eliňden alyp biljek däller" diýdiler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024