Obadaky senzura
Adam aýtdy:
"Hemmämiz deňeçer bir obanyň garyp-pukarasy wagtymyzda hezillikd, ikibir-üçbir başymyz çatylan ýerinde dünýäň gürrüňini edýärdik: obamyzyň Garagumdaky çopanlarynyň ganjyk-köpeklerinden başlap, oba, etrap ýolbaşçylarynyň eli egriliklerine, ýurduň prezidentiniň töweregindäkileri ogurlykda aýyplap, özüniň akja jüýje boljak bolşuna çenli, eşiden zadymyzy bir-birek bilen paýlaşyp, dilimiziň keýpini görýärdik. Emma öň obamyzda doglup, mekdebi gutaransoň okuwa giden we şol ýerde galyp, uly wezipelere ýeten obadaşymyz wezipesinden boşadylyp, yzyna göçüp geldi-de, birhili, dilimiz baglanan ýaly bolaýdyk. Sebäbi onuň aýaly köçeden geçen aýallary öýüne çagyryp, ozal biziň obamyzda hiç kimiň görmedik öý goşlaryny görkezip, gelenine bir aý geçmänkä bir topar aýalyň adamsy bilen itde-pişik bolmagyny gazandy. Şondan soň ilki korrupsiýa, wezipesinden kowulýan açgöz ýolbaşçylar barada hezil edip gürrüň etmekden geçen, yzyna gelen obadaşymyz eşidip, özüne çekäýmesin diýip, daşymyzy garanjaklap, pyşyrdap gürledik. Soň, aramyzda biri edilen gürrüňleri agşam ýatanda aýalyna aýdyp, olam bu gepleri baý obadaşymyzyň öwünjeň aýalyna ýetirip, birden uzak ýyldan soň yzyna gaýdyp gelen obadaşymyzyň göwnüne degäýmäli diýip, başlyklaryň "artykmaçlyklaryny" asla dile almasyz etdik. Ýogsa, öňki prezident döwründe Aşgabatdan goňşy oba sürgün edilen öňki ministr ýaly, olam bizi göriplikde, "halal işläp gazanan mal-dünýäsini görübilmezçilik etmekde" aýyplasa bildiňmi?"