Oýnuň gutaranda
Adam aýtdy:
“Oýny gutaran adam öz oýnunyň tamam bolandygyny, möwritiniň geçendigini bilmese, şol bir oýnuny, öňküleri ýaly netije bermese-de, ýene we ýene oýnajak bolsa, hem gülkünç, hem gynançly bolýar. Hudaý adama, ýylanyň gowuny täzeleýşi ýaly, pikir-garaýyşlaryny täzelemäge üşük beripdir, emmä bu üşügi ulanyp bilýän az bolarly. Käbirleri, adamlaryň deň bolmazlygyndan, geçirimliliginden peýdalanyp, diňe öz nepine çapyp ýaşaýar we soň bu bolmasa, başgalardan görýär.”