Adamlaryň gülenine bakma
Adam aýtdy:
"Adamlaryň daşyndan şadyýan, hoşgylaw görünmegine, gaty-gaty gürleşip, bolgusyz zatlara hem jakgyldap gülmegine seretmeli däl eken, sebäbi olar olar öz ýaşaýan jemgyýetlerindäki adalatsyzlyklar barada köplenç mümkin boldugyça ýuwaşja, pyşyrdap gürleşýärler ýa-da asla gürrüň etmeýärler. Bu barada gatyrak gürleýän adamlardan bolsa gaçýarlar, üstesine soň olary garalap, gybat hem edýärler."