Ýazymak hezil boldy

Adam aýtdy:

"Türkmençe eser ýazmak aňsat boldy, sebäbi "näme diýerler, näme aýdarlar?" diýip alada etmeli däl, okaýan ýok, okasa-da siňe içine seretjek ýa seredip biljek ýok. Içine siňe seredip biljek adamlar iki-ýeke bolsa-da, oňa eli ýetjek däl. Onsoň, özüň ýaz, başga birine pul berip ýazdyr, olam başga birinden ogurlap ýazsyn, ýa özüň başga biriniň ýazan zadyny bölekleýin ogurla, durşuna göçürip, awtorynyň adynyň ýerine öz adyňy goý-da, internetde çap et, "pylan ýerden alypsyň" diýjek ýok. Hezil döwür boldy, ýazyjylar üçin hakyky "altyn asyr" diýseňem boljak."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024