Geň galmaly ýagdaý
Adam aýtdy:
"Dünýä göwni ýetmeýän okuwly, dilli halky bardy. "Wah, şularyňky ýaly köptaraply bilim-düşünjämiz, ýalaw ýaly kesgir dilimiz bolsady" diýip, arzuw ederdik. Men diýen alymlary, inženerleri, şahyr-ýazyjylary bardy. Satiriklerini iýmän-içmän diňläsiň gelýärdi. Emma ogry-jümrüler gojaman Orsýeti iki günde talaňçylyk meýdanyna öwrüp, bu golaýda özüne gelmez ýaly etdiler, biz dagy nämemişik? Entegem döwlet bolan bolup oturyşymyza geň galmaly!"