"Arzaçynyň" hormaty
Adam aýtdy:
"Obamyzda bir traktorçy bardy, her iki ýyldan täze traktor sürerdi. Sebäbi onuň obadaky kemçilikler hakynda ýokarky edaralara ýazmak gylygy bardy. Başlyk ondan gorkardy. Obadaşlarymyz, hususan-da köne traktor bilen mydar etmeli bolýan traktorçylar ony halamazdylar, "arzaçy", "dawaçy" diýip, ýeňsesinden gürrüň ederdiler. "Şlýapa-da geýen bolýar, posly traktorçy halyna" diýerdiler. Ol, dogrudanam, gyşyn-ýazyn saýlap alyp, özüne gelişýänje şlýapa, ütüklengi eşik, ýaglanyp süpürilen aýakgap geýerdi. Emma onuň arzasyndan soň ozal gowy gatnamadyk awtobus wagtynda gelse, ýelde üzülen elektrik simi uzaga çekmän seplense, adamlar begenerdi, ýoldaky çukanaklar bejerilse, köpriniň çöken plitasy çalşyrylsa, hatda mekdepde direktoryň satan kömrüniň puly töledilse hem il-gün hoş bolardy, sebäbi bu olaryň hem peýdasynady, muňa düşünýärdiler. Ýöne adamlar ondan gören ýagşylyklaryny dile getirip, açyk boýun almakdan ýa başlyklardan çekinip, ýa öz içki bahyllyklaryndan geçip bilmän, berk saklanýardylar. 1980-nji ýyllaryň başynda uniwersiteti tamamlap, Aşgabatda bir mekdepde işledim. Bu ýerde hiç bir "arzaçy" ýokdy. Direktor mekdebe berlen sowadyjy, holodilnik, telewizor ýaly zatlary ogurlap, öýüne äkidýärdi. Mugallymlar gezekleşip, onuň öýüni syryp-süpürýärdiler, sapak wagtynda gidip, bazardan gerek zatlary öz pullaryna satyn alyp, direktor işden gelýänçä onuň öýünde gowy nahar bişirip goýýardylar. Bu zatlary etmedikler ýa aýlyklarynyň bir bölegini, ýa her aýlykda sowgat bermeli bolýardy. Bularyň üstesine, mugallymlaryň arasynda gep çöpleýänler, direktor hakynda ýakymsyz gürrüň edip, soň beýleki mugallymyň aýdan "töhmetçilikli" sözlerini direktora eltip berýänler hem bardy. Eger işiň daşyndan bu işlerden birini etmeseň, direktor sagadyňy azaldýardy we muny näme üçin edendigini gönüläp özüňe hem aýdýardy. Ahyry biri, beýlekileriň arkada durmagy bilen, direktoryň bu edýän işlerini ýokaryk ýazdy. Onuň aýdan zatlaryny barlamak üçin ýokardan komissiýa geldi. Emma komissiýadan öň direktoryň mekdepden ogurlan zatlary, hatda tutulara çenli yzyna getirildi. Biz ol tutulary ozal görmändik, mekdep üçin beýle gymmat tutularyň satyn alynýanyny bilmeýärdik. Komissiýanyň geçiren ýygnagynda direktora para berendigi aýdylan mugallymlar para bermändiklerini, sowgat berendiklerini aýdyp çykyş etdiler. Arzaçynyň arkasynda durup, ony hakykaty ýazmaga ruhlandyran batyr mugallymlar seslerini çykaryp bilmän, Dymmalar partiýasyna agza bolmagy saýlap aldylar. Ahyr netijede arza ýazan günäkär boldy, utandyryldy. Direktoryň arkasynyň nähili güýçlüdigi tassyk bolandan soň, başga ýerden iş tapanlaryň ählisi bu mekdepden gaçmaga başlady. Menem gaçdym. Soň ol direktoryň ýokaryk işe çekilendigini, şäher bilim edarasynda bir jogapkär wezipä bellenilendigini eşidip, üç günläp işdäm zat alman, aç gezenim ýadymda. Şol wagt " basym bütin ýurt 31-nji mekdebe öwrüler, sen ýurtdan, öz halkyň nalajedeýinliginden ýa Dymmalar partiýasynyň agzalaryndan gaçyp, nirä gitjek?" diýseler, belki, galan ömrüme işdäden kesilerdim. Emma indi tapan zadymy iýýärin, sebäbi "nan atly, millet pyýada" diýilýän döwür geldi, hemme zat meniň gurbum çatardan has gymmat. Onsoň her gezek garnym doýanda, näme üçindir, şol obamyzdaky traktorçy ýadyma düşýär, enem-atam bilen bile adyny tutup, oňa ýagşy dileg edýärin. Käte bolsa, onuň hormatyna işe şlýapa geýip gidýärin."