Sowet medeniýeti

Adam aýtdy:

"Sowet döwri gowudy, hemme adamyň işi bardy, ýokary okuwa diňe wezipelileriň däl, arasynda garyp-pukaralaryň çagalary hem girip bilýärdi" diýýärler. Dogrudanam, Aşgabatda ýaşaýan agam ömrüni işçilikde geçirdi, gelnejem gapdallaryndaky mekdebiň, çagalar bagynyň howlusyny süpürdi, agşamlaryna gyzlary bilen pol ýuwdy, tamdyrda çörek bişirip, goňşularyna çörek satdy. Öýlerinde çagalarynyň okuw kitabyndan we telefon kitapçasyndan başga kitap görenim ýadyma düşenok. Agam orsça çykýan şäher gazetini ýazylyp alardy, ýöne sport baradaky habarlardan başga hiç zat okamazdy. Çagalary hem şeýle boldy, ne gazet okadylar, ne žurnal. Ýöne goňşulary ors bolansoň, ors çagalary bilen bile oýnap ulalansoňlar, orsçalary gowudy. Gelnejem tanyş görüp, ilki uluja gyzyny uniwersitetiň rus filologiýasy fakultetine saldy, soň ikinji gyzyny hem şol ýere ýerleşdirdi. Nädip okadylar, bilmedim, emma diplom aldylar. Soň eşidip otursam, gelnejem uluja ogluny hem gaýybana politehniki instituta ýerleşdirip, diplomly edipdir. Häzir olardan diňe biri mekdepde rus dilinden sapak berýär, beýlekileri öz ýokary bilim alan ugrundan işlänok. Ýöne mekdepde işleýän mugallym jigimiň hem bir aýagy Eýranda bolsa, beýleki aýagy arap ýurtlarynda ýa Hytaýda. "Direktor bilen dil tapyşyp, başardygymdan söwda edýärin, hem oňa peýdaly, hem maňa" diýýär. "Bu okadýan çagalaryňa, ýurduň geljegine peýdaly däl-ä!" diýsem, "okaýan çagalary we ýurduň geljegini döwletiň başynda oturanlar pikir edenok, ýogsa meňki ýaly eklenç gaýgylary ýok, men nädip edeýin?" diýýär. Bu sowet döwründen gelýän medeniýet, şu gün dörän zat däl."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024