Kim samsyk?
Adam aýtdy:
"Arada bir saý-sebäp bilen ozalky millioneriň öýüne myhman boldum. Bir sagat gowrak gürleşdik. Gürrüňe onuň aýaly, aýalynyň aýal doganlary, ogly, gyzy hem goşuldy. 1991-nji ýyldan soň, bolşewik-kommunistleriň guran döwleti dargadylyp, maly talaňa salnanda ýüzlerçe adam birden baý, beg boldy. Meniň myhman bolan öýüm şol begleriň biriniňkidi. Emma ol indi öňküsi ýaly baý däldi, ýurtda häkimiýet ýa hökümet çalşyp, ýa-da öňki başlyklaryň ýerine başga, ýöne şolar ýaly täze başlyklar gelip, baýlaryň hem ýeri çalşypdy. Men öňki baýy diňledigimçe haýran galýaryn: birsellemde millioner bolan adamda, ýa onuň aýalynda-beýlekisinde bir jinnek akyl ýok, ne dünýäni bilýärler, ne durmuşy. Emma olar özleriniň aşa akyllydygyna, başgalardan üýtgeşikdigine, beýikdine we geljekde hasam beýik boljakdykalaryna şindi hem ynanýarlar. Oturyp-oturyp pikir edýärin: eý, alla, dogrudanam olar akylly bolmasyn? Ýa olar şu akylsyz döwürde öz akylsyzlyklary bilen akyllymy? Eger şeýle bolmasa, näme üçin olar egrilikden baýap, özleriniň hem päkdigine, hem beýikdigine şeýle ynanyp bilýär? Dürs, halal, arassa we pespäl ýaşamaly diýip, ömrüni gara zähmetde, gara ýer ýaly bolup geçirýän adamlar, dogrudanam, öz dürslükleri bilen samsykmy? Eger şeýle bolmasa, olar näme üçin baýamakdan geçen, gününi zordan aýlaýar? Ýa men şol düýn, ýurt agdar-düňder bolanda baýan, dünýeden habarsyz we durmuş diňe gymmat maşynlary münmek, uly jaýlarda ýaşamak we uly-uly gürlemek diýip düşünýän adamlardan hem samsykmykam, alla?"