Ýokardan iberilen akyl
Adam aýtdy:
"Atam pahyr, kakam gürrüň berýär, hudaýhon adam ekeni. Emma bolşewikleriň, olar bilen goşulyşan obadaşlarynyň adamlara kast edişini, emma muňa alladan hiç bir gaýtawul bolmazlygyny gaty görüpdir. Kakam dilinde hudaý-alla diýse-de, namaz okamak gaýtadan moda bolanda hem, hiç wagt namaz okamady, sakgalynam ösdürmedi. "Sakgal goýberseň, sakgala mynasyp bolmaly, gören emeldaryň öňünde ýaýaplap, ýalan sözläp durmaly däl" diýerdi. Emma men sakgalam goýberdim, namazam okadym, sakgalyma mynasyp boljak bolup türmä-de düşdüm. Köp adam ilkinji namazyny türmede okaýar, sebäbi olar ýurtda alladan başga ýüz tutara, arka berere hiç zadyň galmandygyny görýärler. Emma men türmede namaz okamagy bes etdim, sebäbi adamlaryň açgözlügine we beýleki namartlyklaryna allanyň edip biljek hiç zadynyň ýokdugyna akylym ýetdi. Belki, wagtyny ýitirip ýörmesin diýip, bu akyly maňa ýokarkynyň özi iberendir."