Adamyň göreşi
Adam aýtdy:
"Adam dünýä gelensoň, islese-de, islemese-de göreşmeli bolýar. Elbetde, ilkinji göreş emme göreşi, aç ýatyp bolmaýar. Soň aşagyňy arassalatmak göreşi, ölde, hapada, öz porsyňa boglup ýatmak, uly däl, çaga-da bolsaň, asla aňsat iş däl. Şeýdip, göreş yzyna göreşe çykmaly bolýar. Ýöne ahyrynda adamlar dürli-dürli göreşlerde taplanýar we käte olaryň alyp baran göreşi ömrüň tamam boljak ýerini kesgitleýär. Şeýlelikde, birleri ogurlyk edip, başgalary adalat ugrunda göreşip, türmede ýa sürgünde ölýär, ýene birleri bolsa yza çekilip, ahyry bir gün çörek ýa kepek nobatynda, özi ýalylaryň aýagynyň aşagynda wepat bolýar."