Bilmeýänini bilmeýäniň minneti

Adam aýtdy:

“Daşardan gelen aç firmalar bilen birleşip, ýurdy dargadyp barýan täze türkmenlerden bir gorap biljek zadym ene dilimdi, emma onda hem iki sözi dogry ýazyp bilmeýän ýyldyrym çaltlygynda köpelýärdi. Onsoň, synanyşyp galaýyn diýip, internetde dil saýtyny açdym, okyjylardan ýalňyşlarym barada ýazmagy, düzedişlerini ibermegi haýyş etdim. Dogry düzediş edenler hem boldy. Dogry düzediş edýände minnet hem bolmaýar. Emma käte-käte nähilidir bir kineli, biliner-bilinmez minnetli düzedişler hem gelýär. Öňräk biri ýazdy: “Dos jan, “dost” sözi “dos” diýip, yzynda “t” harpy goýulman ýazylýar, ýazjak bolsaň, dogruja ýazsana!” Soň biri “gyzzyrma” sözüne düzediş berdi: “Gyzdyrma” diýip, dogry ýazaýmaly ekeniň-dä” diýip ýazdy. Ýa-da öz bilmeýänini bilmeýän başgalara minnet etmelimikä?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024