Özüň üçin göreşeňde

Adam aýtdy:

"Olar ýuwaş-ýuwaşdan zäherläp, ilki ejemi öldürdiler, soň kakamy keselledip aldylar. Inilerim, aýal doganlarym indi ýigrimi ýyl bäri döwlet terrory astynda, titräp ýaşýar, bir inimiň ogly oglunyň geljegini alada edip, familiýasyny üýtgedipdir, indi bir inijigim meniň bilen bir atanyň adyny götermeýär. Özüme-de, yzymdan we gapdaldan, eşider ýaly edip, gör, nämeleri diýmediler, gör, nämelerde aýyplamadylar. Emma men şindem olaryň ogul-gyzlarynyň azatlygy, erkinligi, kanun-kadaly döwletde ýaşamagy ugrunda göreşýärin. Ýok, men bu işi olar üçin etmeýärin, özüm üçin edýärin. Sebäbi özüni gözlemän, oňa derek ömrüni başgalary keseklemäge bagyşlaýan adamlaryň hiç bir jemgyýetde, hatda jennetde hem adam ýaly aňly-başly bilmejegini aňlarça boldum."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024