Gaty görmeşek bolsa
Adam aýtdy:
"Gazakbaşy hoşlaşdy, emma gitmedi, üstesine adyny şähere, has kän köçä dakdyrdy, gahryman boldy. Gazak doganlarymyz bulary gaty görmän, özleriniň bize – türkmenlere deňelenini gaty görýärler. Öňem-ä bizden o diýen ara açmandyklaryny, sähel öňümizi dolandyklaryny çen edýärdim welin, indi muňa hiç şübhäm ýok. Gaýta bizdenem yzda bir ýerlerde bolmasynlar diýen sorag hem kelläme gelmän duranok. Gazakbaşynyň adam atlaryny oňa-muňa dakmagy, häkimiýeti nesilden-nesle geçirmegi oňlamok, o zatlar bizde bolmaz diýen sözleri diňe kiçi dilden bärde aýdylan zatlar eken. Şunça ýyllap kürsä ýapyşyp ýatyşyndan, giýewisi-beýleki bilen häkimiýet, mal-dünýä üstünde gurýan darkaşyndan çen tutsaň, muny geňem görmeli däl. Emma meni geň galdyran zat gazak doganlarymyň bolşy, olar öz başylaryny tanaman, ýa tanamadyk bolup, onuň ikiýüzlüligini gaty görmän, öz hakyky ýagdaýlaryny gaty görmän, bize deňelmeklerini gaty görüşleri boldy. Aý, bolýarmyş-da, biziň türklerimizden nämäni gaty görjek?"