Öňki başlyklaryň öýkesi

Adam aýtdy:

"Başlyklar köplenç gep getirýän, "beýlekileri satýan" işgärleri gowy görýärler, olary derrew goltuklarynyň aşagyna alýarlar, başarsalar ösdürip, işine has ökdeleriň depesine çykarýarlar. Muňa, bir tarapdan, düşünmek hem mümkin. Sebäbi ýolbaşçy adama ýolbaşçylyk edýän adamlary hakynda maglumat gerek, ol öz garamagyndaky adamlaryň açyk aýtmaýan pikirlerini hem bilse, umumy işiň bähbidine, gowy boljak ýaly. Emma bu hili maglumatlar köplenç işiň bähbidine däl, belki-de zyýanyna, intriga, adamlary bir-birine garşy goýmak, gowy işgärleriň elini, ýüregini işden sowatmak üçin ulanylýar. Muňa köp adam düşünýär. Emma başlyklar köplenç başlyk wagtlarynda başgalary özlerine satan adamlaryň, sähel aýaklary taýanda ýa taýjagy belli bolanda, özlerini beýle pese düşmedik adamlara garanda hem ýek görjegini we basymrak satmaga howlukjagyny bilip bilmeýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024