Bäş wagt bilen bile
Adam aýtdy:
"Köneleriň aýdan zatlaryny sorag astyna alman, ahyrky hakykat ýaly gaýtalaýarys. Mysal üçin, käbirlerini häsiýetlendirenlerinde 'aý, ondan bäş wagtdan özgesi çykar" diýýäris. Emma bäş wagt namaz okaýanlaryň içinde her hili agyr günäden gaýtmaýan, gaýtmajak, adam satmagy, ýalan sözlemegi, töhmet atmagy, iliň rysgalyna göz gyzdyrmagy hiç zatça görmeýän, üstesine agyr günä edýän uly wezipeli ýa baý adamlaryň hyzmatynda durup, il-günüň betbagtlygynyň arkasyndan jüýjeli palaw iýjek doga-dilegçiler näçe diýseň bar. Diýmek, indi "bäş wagtdan özgesi çykar" diýmek hiç bir many bermeýär, ony düzedip, "bäş wagt bilen bile her zat çykar" diýip, düzedip ulanmaly ýa-da düýpden ulanmaly däl."