Gara polkownikler

Adam aýtdy:

"Bir kemsiz gözel" ýok diýipdirler, o bendäniň hem kemçiligi az däldi. Emma il başyna iş düşende, başardygyndan adalat ugrunda göreşdi, hak sözi ýa beýleki tarapyň sesini eşitdirjek bolup, arman-ýadaman işledi. Iş etseň görünýär, at-abraý getirýär. Elbetde, adamyň at-abraýy ýokarlandygyça, onuň aýagyndan aslyşýan hem köpelýär. Onuňam aýagyndan, adyndan aslyşanlar tapyldy, "gizlin gulluklaryň agenti", "gara polkownik" diýip, ýetýän ýerlerine hat ýazdylar, oturan-turan ýerlerinde edýän esassyz gürrüňlerini az görüp, internet arkaly hem gep-gybat ýaýratdylar. Emma ol diýýämisiňiz hem diýmedi, çünki kommunistik partiýanyň agzasy däldi, daşda durup atylýan şyltaklaryň iş bitirýän ýurdunda ýaşamaýardy we bu atylan daşlaryň özüne degmejegini bilýärdi. Ýöne bu göreşýän adamyň demirden ýasalandygyny aňlatmaýar, ol bir gün keselläp ýykyldy we uzak ýatman dünýäsini başgalady. Şyltakçylar, belki, begenendirler, emma seslerini çykarmadylar. Sebäbi, eger öňki aýdýan sözlerini gaýtalasalar, il içinde aýdylyşy ýaly, "gabyr daşlamak" boljakdy, özleriniň esassyz gürrüň ýaýrdandyklaryny boýun alyp, merhumyň ýakynlaryndan ötünç soramaga mertlikleri ýetjek däldi. Indi pikir edýärin welin, eger düşünseler, bu ölüm olaryň özlerini "gizlin gulluklaryň agentine' ýa "gara polkowniklere" öwürdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024