Halk ýazyjysynyň wezipesi
Adam aýtdy:
"Halk ýazyjysynyň wezipesi näme, bilýäňmi? Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda olar baýlar, basmaçylar diýilýänleri gyrýan bolşewiklere "Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik" diýip, öldüren adamlary bilen gutlap, oda ýazmalydy. Indi baýlaryň, häzirki dilde aýdylanda oligarhlaryň garyp halky talaýyşlaryny görmedik bolup, bazar ykdysadyýetiniň bedew bady bilen öňe barşyny arman-ýadaman wasp etmeli."