Ermeni bahary
Adam aýtdy:
"Ermenistanda hakykatdanam bahar gelene meňzeýär. Olaryň premýeri "eger-de adamlaryň durmuşynda hiç zat üýtgemeýän bolsa, diýmek, haýsam bolsa bir ýerde birleri ogurlyk edýär" diýýär. Bu akyl-huşy ýerindäki adamlaryň ählisine düşnükli zat. Ýöne sowet durmuşy adamlara ogurlygy öwretdi, olar başgaça ýaşap bolýandyr öýtmeýärler. Ýogsa, korrupsiýa garşy göreş diýilýän şol wagtam bardy. Setanda-seýranda bir-ýarym para alýan tutulyp, göz üçin türmä-de basylardy. Emma muňa üns berýän ýokdy, sebäbi ýurt durşuna ýalançylyga gaplanypdy, para alýanlar kändi we olar köplenç aman galýardy. Eger biri "okuwa girdim, ykdysatçy ýa mugallym boljak" diýse, "köpräk para alar ýaly, ýuristlige girmeli ekeniň-dä, gaty aýlyk bilen nädip gür görjek?" diýerdiler. Sudda, prokuraturada, milisiýada ýa saglyk ugrundan işleýänler aýlyga daňlan adamlardan gowy ýaşaýardy. Şu sebäpden ýuridiki fakultetiň, medisina institutynyň parasy uludy, olara esasan wezipeli, halk içinde "syrty kädililer" diýilýän adamlaryň çagalary girerdi. Sowet Soýuzyny o ýykdy, bu ýykdy diýýärler, emma sowet soýuzynyň ýykylmagyny çatlaşdyran, meniň pikirimçe, wezipeli adamlaryň ýuridiki fakulteti gutaran çagalary, diplomy tas hemme ugurda barha köp pula satylmagy boldy. Çalasowat halyna ýokary okuw jaýlarynyň diplomlary bilen ýaraglanan diletantlar sürüsi ulaldygyça döwlet diýilýäne, kanunçylyga we adalata bolan ynam azaldy. Megerem şundan, Sowet Soýuzy öz-özünden dargadylanda, ony saklajak bolan tapylmady. Gaýta ýuristler, ozalky komsomol, partiýa we hökümet işgärleri haç açyk ogurlamaga, para almaga başladylar. Şeýdip biz sowet gyşyndan soň rus, ukrain, gazak, özbek, täjik, türkmen... gyşlaryna şaýat bolduk. Ýöne ermeniler, çakym çak bolsa, bu gyşdan çykar. Sebäbi olaryň premýeri sözüni iş bilen subut edýär, onuň üçin ogrynyň ýa parahoruň kimdiginiň tapawudy ýok. Ol: "Halkdan ogurlaýan kimem bolsa tutulmaly, aýyplanmaly, masgara edilmeli, ahlak taýdan öldürilmeli we türmä ugradylmaly" diýýär. Bu sözler meniň gulagyma iň süýji aýdym bolup eşidilýär."