Piliňi ulanmasaň
Adam aýtdy:
"Enem pahyr 90-njy ýyllaryň başynda, 84 ýaşynda aradan çykdy. Uzyn, agajet, galjaň aýaldy. Uruşdan soň, ýeke başyna dört çagasyny ekläp, hemmesini öýli-işikli edipdi. Agtyklaryny öýeripdi. Emma hiç elini gowşuryp oturany ýadyna düşenok. Gelinleri "çaý içeliň" diýseler, "siz oturyň, men goýaýyn" diýip, hemmeden öň özi turardy. Aýakdan galýança çaýyny gelinlerine, agtyklaryna demletmedi. Gyzlarynyň birine käýinýäni ýadymda: "Hemme zady oturan ýeriňden gyzlaryňa buýrup otursyň, tultuk bolup galarsyň" diýerdi. Diýşi ýaly, ol daýzam soň maýpyllap, zordan ýöreýär diýilýän hala ýetdi. Indi interneti açsam, horlanmagyň usullaryny öwredýän bilermenleriň üstünden gelýärin. Sebäbi indi dünýäniň derdi, açlykdan beter, tultuklyk ýaly. Emma bilermenleriň bar edýän gürrüňini gysgaldyp, enemiň birje sözlemine sygdyryp boljak. Adamlara diňe "otursaňyz, tultuk bolup galarsyňyz" diýäýmeli. Bu söze bir zat goşmaly bolsa, diňe bedeniňizi däl, beýniňizi hem gününe goýmaň, ulanylmaýan pil hökman poslaýar diýerdim."