Pökürdewük propagandanyň maksady

Adam aýtdy:

"Sowet döwründe, ýetginjek ýyllarymda tä mekdebi tamamlaýançam gowaça meýdanynda, suwçylar, traktorçylar bilen işledim. Radioda daýhanlar, maldarlar üçin konsert programmalary taýýarlanardy. Şol bir aýdymlary her gün diýen ýaly diňläp ýören adamlar "bu aýdymyň yzyndan pylan aýdymy bererler, soň pylan aýdymy diňläris" diýip gülerdiler. Ýene bir geň galan zadym, olar garyp-pukara adamlar hem bolsa, radiodan gije-gündiz eňterilýän döwlet propagandasyna kän gulak asmazdylar, sebäbi olara ynanmazdylar. Ýogsa durmuş, ýaşuly adamlaryň özleriniň aýtmaklaryna görä, kem-kemden gowulaşýardy. Olar öňler aýlygyň uzak wagt 45 manatdan geçmändigini, soň 60-a galdyrylandygyny, indi 95-100 manat alýandyklaryny, brigadiriň aýlygynyň 150-den geçýändigini, üstesine, brigadirlere birki sany "öli jana", işlemeýän adama hem hak ýazyp almaga rugsat edilýändigini, sebäbi olaryň myhman-mediwanlarynyň köp bolýandygyny gürrüň ederdiler. Indi durmuş ýyl-ýyldan gowulaşmadan geçen, barha erbetleşýär, ugran ugruňda häkimiýet wekillerine para bermeli, döwlet propagandasy bolsa, sowet döwründäkiden hem uçurýar. Üstesine, döwlet baştutanynyň we beýleki baýlaryň öz baýlyklaryny güjeňleýşi sowet döwründäki başlyklaryň düýşüne-de girjek däldi. Onsoň şu ýagdaýda olar ilaty biri-birinden boş we pökürdewük gürrüňler bilen aldap bolar öýdýän bolsalar, gaty ýöntem bolduklary bolýar. Ýa bu bilgeşlin, ellerinden gelýän zat bolmaz diýip, barha beter psihologiki basyş etdiklerimikä?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024