Has netijeli usul

Adam aýtdy:

"Ozal sowet hökümeti, soň garaşsyz diýilýän hökümetler ýazyjy-şahyrlary, sungat işgärlerini, žurnalistleri ideologiýa gurjaklaryna öwrüp, doly gözden düşürmek we hakykatda ösüş, aň-akyl güýji hökmünde ýok etmek üçin kän tagalla etdi: olaryň köpüsini arzanjak satyn aldylar, ýene bir bölegini açlyk, kemsidilmek bilen gorkuzdylar, türmä basdylar, dälihana saldylar, daşary ýurtlara gaçmaga mejbur etdiler, hatda "küýkini gabyr düzeder" diýip, öldürdilerem. Bu tagallalar belli bir derejede netije hem berdi, üstünlik hem getirdi. Emma olaryň käbiri juda höçjet bolup çykdy, azat pikir aýdýandan bolup, hatda işsiz, aç galsa-da, türmä, dälihana taşlansa-da ýazdy, döretdi we adamlaryň kellesini bulaşdyrmagyny dowam etdirdi. Onsoň hökümetler has netijeli usuly oýlap tapdylar, olar eser okap biljek ýa okan zadynyň manysyna düşünip biljek okyjylary, diňleýjileri, tomaşaçylary ýok etdiler. Elbetde, gurjaga öwürmek bilen."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024