Il bilen gelen jeza
Adam aýtdy:
"Olar hakykatçy ýa adalat ugrunda göreşiji däl, aýdymçy, ýazyjy-şahyr, syýasatçy bolup doglupdyrlar, ýa-da şol bolmagy çagalykdan arzuw edipdirler. Üstesine başga ýerde çörek gazanmak has-da kyn, gazananjaňy hem häkimiýet diýilýänler müň bahana bilen eliňden alýar. Onsoň köp adam häzirlikçe, ýok edilen göreşijiler, başga pikirliler gaýtadan dogulýança, ýagny külden ot döreýänçä waspçylygy, ikiýüzlüligi dowam edip, aşak-aşak egilmekden, el çarpmakdan, baş aýdymça alkyş aýtmakdan ýa dymmakdan başga çykalga görmeýär. Belki-de, bu adamlaryň özlerine çykaran ömürlik hökümidir? Meniňçe, bu aç-hor bolanyňdan has agyr we utanç, üstesine beýle usulda gazanylan çöregi iýip ulalan çagalar nähili adam bolup ýetişer? Ýöne men öz pikirimi hiç kimiň boýnuna dakmakçy bolmaýaryn. Goý, dowam etsinler, çydan tomaşa etsin otursyn. "Il bilen gelen - toý-da baýram" diýipdirler, bizem öz jezamyzy çekjek bolarys-da."