Gülme goňşyňa
Adam aýtdy:
"Astananyň ady Nursoltana öwrülende, Parižde ýaşaýan gazak tüçjary feýsbukda "Türkmenleriň we demirgazyk koreýalylaryň ütünden gülýän wagtym özümiziň olardan beterdigimizi hatda çen-çakam etmeýärdim, Kim Çen Un bize tälim almaga gelýär" diýip ýazdy. Birinjiden, özüň syýasy býuronyň agzalarynyň portretlerini göterip, paraddan geçen sowet adamy bolsaň, ne türkmenlere gülmäge hakyň bar, ne-de demirgazyk koreýalylara. Ikinjiden, kommunistler meýletin öz imperiýalaryny dargadyp, garaşsyz bolan ýurtlar öz elitasynyň talaňyna düşende tüçjar bolup ýetişen bolsaň, sen eýýäm şol wagt türkmenlerden we demirgazyk koreýalylardan beter bolmaly. Hawa-da, adam pahyr hala kommunizmde, hala bazar talaňçylygynda güni gowy bolsa, böwregi böküp, soňky boljak zatlaryň pikirini edip bilmeýär-dä."