Ýasalmadyk heýkel

Adam aýtdy:

"Ýaşlykda skulptor bolmagy arzuw edýärdim. Öýe, ejemiň ýanyna gelýän aýallar goňşymyz Möwlam aganyň aýalynyň çala eli boşansa, hatda sallançak üwrände hem kitap okajak bolşuny ýaňsylap, kinaýaly gürrüň ederdiler. Möwlam aganyň ogullarynyň biri Haýdar biz bilen duşdaşdy, köplenç bile oýnardyk. Bir gezek, futbol oýnamaga oglan toplajak bolamyzda, ol işiniň bardygyny, futbol oýnap bilmejegini aýtdy welin, ulurak oglanlaryň biri gülüp: "Näme, ejeň ýaly kitap okamalymy?" diýdi. Haýdaryň ýüzi boz-ýaz boldy. Şol pursatda-da meniň kellämde ilkinji skulptura eserimiň taslamasy peýda boldy: ol dyzynyň üstünde kitap goýup, sallançak üwräp oturan başy dik, ýüzi nurana aýalyň şekilidi. Emma men skulptor bolup bilmedim. Soň-soňlar, ömründe eline kitap almadyk, emma çagasyny ýurist we beýleki diplomly etmekde kitap okanlardan has ökde çykan ene-atalar sanardan köpelende, eli kitaply sallançak okaýan türkmen aýalynyň ýasalmadyk heýkeli kän düýşüme girdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024